
Türkmenistanyň Suwdaky sport görnüşleriniň federasiýasy
Türkmenistanyň Suwdaky sport görnüşleriniň federasiýasy 1994-nji ýylyň 18-nji martynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alyndy we 1997-nji ýylda Halkara Suwdaky sport görnüşleriniň federasiýasynyň agzasy boldy.
Federasiýa öz içine sportuň suwda ýüzmek, suwda pökgi oýnamak, suwa bökmek, sinhron ýüzmek we açyk suwda ýüzmek ýaly görnüşlerini özünde jemleýär.





Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň suwda ýüzmek, suwda pökgi oýnamak we suwa bökmek görnüşleri hereket edýär.
Suwda ýüzmek
Ýurdumyzda ilkinji gezek 2007-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşynyň Olimpiýa-suw toplumynda suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşy geçirildi.
Suwda pökgi oýnamak
2024-nji ýylda ýurdumyzyň milli ýygyndy topary ilkinji gezek Özbegistan Respublikasynyň Namangan şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa çempionatyna gatnaşdylar we baýrakly 3-nji orna we bürünç medala mynasyp boldular.
Suwa bökmek
Bu görnüş ýurdumyzda täze sport ugurlaryň biridir. Soňky ýyllarda döwrebap suwa bökülýän desgalaryň sanynyň artmagy bilen sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga höwes bildirýänler köpelýär.